Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly

10 Maý 2021
954

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiz öňüni alyş diplomatiýasynyň ösdürilmegini we berkidilmegini, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylyga, raýdaşlyga hem-de sazlaşykly ösüşe ýetmekde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär.

Dünýä ýurtlary hem-de halklary üçin örän uly ähmiýetli bolan asylly başlangyçlary öňe sürýän milli Liderimiziň başda durmagynda bu gün mähriban Watanymyzyň abraý-mertebesi arşa göterilip, şan-şöhraty bütin dünýä dolýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň pajarlap ösmegi, köptaraplaýyn özgermegi, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli taglymatyndan gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä halklarynyň höwes bilen gelýän ýurduna, ak mermerden gözel paýtagtymyz, şeýle-de syýahatçylygyň dürdänesi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri halkara forumlarynyň, işewür maslahatlaryň, sergileriň, gepleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Nurgözel GANÝOKMAZOWA,
Balkanabat şäher kazyýetiniň maslahatçysy, 2-nji derejeli ýurist.