«Galkyp ganat gerdigim, sap söýgüden gurdugym ...»

10 Maý 2021
805

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren düýpli özgertmeleriniň esasynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça batly depginlerde ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda toýlar toýa, baýramlar baýramlara ulaşýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyz, halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalar bilen başlandy. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş sapary mahaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigi barada aýdanlary halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen hormatly adyň eýesi, alym Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz gözlegleri netijesinde türkmen paýtagty ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hökmünde gysga döwrüň içinde täze bir keşbe girdi. Täze taryhy döwürde, sözüň doly manysynda, gurluşyk meýdançasyna öwrülen Aşgabadyň gözel binalary sanlyja ýylyň içinde lowurdap asmana galdy. Häzirki wagtda bolsa baş şäherimiz göýä açyk meýdanda gurlan sergi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçen şöhratly ýoluny, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten sepgitlerini özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalary bilen aýdyň görkezýär. Gysga wagtyň içinde Aşgabat özüniň görki, owadanlygy, sazlaşykly binagärligi, arassalygy, bagy-bossany, seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen dünýäniň iň naýbaşy şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sanlyja ýylda täze Aşgabat döredi. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, ak mermere beslenen Aşgabat ak şäher adyny alyp, özüniň sazlaşykly ösüşi, milli äheňe ýugrulan binagärlik keşbi, Gündogara mahsus özboluşlylygy bilen meşhurlyk gazandy, ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmäge hukuk gazandy. Bu gün jandan eziz paýtagtymyz diňe bir ýaşamak üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, syýasy-jemgyýetçilik orny boýunça-da dünýäde ykrar edilýän, sarpa goýulýan şäherleriň biridir. Bu ýerde dünýä ähmiýetli ýokary derejeli duşuşyklar, adamzadyň durmuşyna täsir edýän halkara maslahatlar, forumlar üstünlikli geçirilýär.

Jepbarmämmet GÖKLEŇOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.