Paýtagtymyz — özgertmeler mekany

10 Maý 2021
774

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli binalar şäheriň gözelligine görk goşýar hem-de halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi. Bu ýerde gurlan we gurulýan desgalar, bir tarapdan, halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň bedew bady bilen gazanýan ösüşlerini görkezýär.

Aşgabat Aziýanyň merjeni hasaplanyp, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalary göreni haýrana goýýar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly dabaralar bilen 140 ýyllyk baýramy bellenilýän ak şäherimiz Aşgabat dünýä nusgalyk ösüşlere eýedir. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň, Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkeziniň we beýleki binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusgalykdygyny aýdyň görkezýär.

Tawus AKMUHAMMEDOWA,
Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.