Kalbymyzda baky ýaşar adyňyz!

10 Maý 2021
845

Müň dokuz ýüz kyrk bäşinji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde — 9-njy maýda gazanylan Ýeňişden bäri 76 ýyl geçdi. Her ýylyň Ýeňiş gününde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däplerine laýyklykda, gazaply uruşda mertligiň, edermenligiň ajaýyp nusgasyny görkezen gerçekleri, tylda zähmet çeken garrylary, zenanlary, çagalygy nälet siňen urşa gabat gelen oglanjyklary hem gyzjagazlary, ýaş ýetginjekleri minnetdar nesil uly hormat bilen ýatlaýar. Ençeme halklaryň ýüreklerinde öçmejek yza goýan uruşda türkmen ýigitleri hem gaýduwsyzlyk görkezdiler. Olaryň mertligi, watansöýüjiligi biziň üçin ajaýyp mekdep bolup durýar.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününe bagyşlanyp, welaýatymyzda dabaraly çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadynyň hem-de gymmatbahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy şöhratly senäniň many-mazmunyny ýene bir gezek artdyrdy. Şeýle çärelerde halklaryň dostlugy, agzybirligi bilen gazanylan Ýeňiş, gerçekleriň söweş meýdanlarynda görkezen gahrymançylyklary, Watan öňünde bitiren hyzmatlary, tylda galanlaryň tutanýerli zähmeti barada nygtalyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda uruş weteranlarynyň, uruşda wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň sarpalanýandygy, olaryň alada bilen gurşalýandygy barada gürrüň edildi. «Watan gerçekleri biziň kalplarymyzda müdimilik ýaşar. Goý, olara baky şöhrat bolsun!» diýen sözler buýsançly ýaňlandy. Mähriban

Muhammet MYRADOW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».