Paýtagtymyz — ak bagtymyz

11 Maý 2021
835

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, täze kitap hormatly Prezidentimiziň merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza beren ajaýyp sowgady boldy. Dörediji milli Liderimiziň ýiti zehininden, gün-günden özgerýän Aşgabadyň nurana keşbine bolan beýik söýgüsinden dörän bu kitap Watanymyzyň ýüregi hasaplanylýan gözel paýtagtymyzyň ajaýyp aýdym kimin belent waspnamasydyr. Onda “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip bilinýän Aşgabadyň baý taryhy, şöhratly şu güni hem-de röwşen geljegi hakynda gyzykly maglumatlar esasynda, çeperden täsirli söhbet edilýär. Kitabyň Aşgabadyň dürli künjeklerinden düşürilen ýokary hilli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa ony okanyňda, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, egsilmez yhlasynyň netijesinde has-da gözel keşbe eýe bolýan, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan 11 gezek orun alan merjen paýtagtymyza gaýybana syýahat eden ýaly duýgyny döredýär. Tanyşdyrylyş dabaralarynda söz sözlänler bular hakynda giňişleýin maglumatlar bilen nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň Aşgabada bolan beýik söýgini hem-de buýsanjy barha joşdurýandygy tekrarlanyldy. Onuň bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, ähli türkmenistanlylary berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda belent maksatly beýik işlere ruhlandyrmakda hem uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Aýmyrat PIRJIKOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.