Joşgunly ýaňlanan aýdymlar

10 Maý 2021
1040

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ýaş höwesjeň aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Türkmenbaşy şäher tapgyry geçirildi. Oňa ýaş aýdymçylaryň ýedisi gatnaşdy. Olaryň hersi bir aýdymy joşgun bilen ýerine ýetirdi. Watanymyzy wasp edýän aýdymlar, şeýle hem halk aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Bäsleşikde çykyş eden aýdymçylaryň dördüsi — demirýolçy Mekan Gurbanow, şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Amanmyrat Maýdyýew, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň höwesjeň aýdymçysy Baýgeldi Mämmetgurbanow, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwletmyrat Arazow bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.