Watan gahrymanlaryna sönmejek şöhrat

10 Maý 2021
1209

Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Ýeňiş güni şu ýyl 76-njy gezek uludan baýram edildi. Bu sene ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Olarda parahatçylygyň, garaşsyzlygyň hatyrasyna döş geren ata-babalarymyzyň, mähriban topragymyzyň azatlygyny gorap saklan gerçek ýigitlerimiziň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň hatyrasy belentden tutuldy. Şeýle hem Ýeňiş güni mynasybetli guralan dabaraly çärelerde Watan ogullarynyň görkezen edermenlikleri barada buýsançly gürrüňler edildi.

Watan üçin şirin janyny orta goýan il ogullary elmydama halkyň hakydasynda ýaşaýarlar. Söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasy bolan pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýedir, olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa mukaddes borjumyzdyr. Hut şu maksat bilen bu ýyl hem 9-njy maý güni Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde oturdylan näbelli esgeriň ýadygärliginiň öňünde ildeşlerimiziň köpsanlysy ýygnandy. Agşamara 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli bu ýerdäki baky oda gül çemenlerini goýmaga gelenleriň yzy üzülmedi. Welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşlaryň ýüzlerçesiniň uruşda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, baky oda gül desselerini goýmaklary Watanyň azatlygy, il-günüň abatlygy ugrundaky söweşlerde gaýduwsyzlyk görkezen gahrymanlara goýulýan baky hormatyň we belent sarpanyň nyşany boldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.