Dünýä nur saçýar gözel Aşgabat

10 Maý 2021
847

Berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli ägirt uly işleriniň, durmuşa geçirýän beýik maksatlarynyň, tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, şeýle-de gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş-durmuş, önümçilik we dürli maksatly binalaryň sany günsaýyn artýar. Döwrümiziň beýik Binagäri, hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ýokary baha berilýär.

Bu gün gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binagärligi, ak mermerli binalary, täsin desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançadaky Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň binasy bu kitapda mynasyp orun aldy.

Nurgözel MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.