Muzeýe guralan gezelenç

10 Maý 2021
828

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat gümrükhanasy, welaýat Polisiýa müdirligi, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Kalbymyzda ýaşaýar dolanmadyk gerçekler» ady bilen çäre geçirdiler. Ýaş harby gullukçylaryň şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlerimize bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak maksady bilen guralan çärede Beýik Ýeňiş, türkmen esgerleriniň görkezen edermenligi, häzirki bagtyýar döwrümiz barada gürrüň edildi. Soňra harby gullukçylaryň muzeýe gezelenji guraldy. Olar şöhratly taryhymyzy, pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.

Dünýägözel ORAZOWA,
«Balkan».