Täzelikler

5 Maý 2021
846

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Innowasion tehnologiýalaryň bilim ulgamynda şöhlelenişi» atly hepdelik geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiniň informatika we ony okatmagyň kafedrasy tarapyndan guralan çäräniň dowamynda talyplar tarapyndan taýýarlanylan «Ylym-bilim jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir» atly taslamalaryň tanyşdyrylyşy geçirildi we «Informatika we innowasion tehnologiýalar» atly sergi guraldy. Bu mowzukda edilen çykyşlar hem mazmun taýdan çuňdugy we ylmylygy bilen tapawutlandy. «Döwrebap tehnologiýalaryň orny» atly wideomontaž, «Sanly ulgamyň bilimi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly kompýuter tanyşdyrylyşlary, «Iň gowy diwar gazeti», «Akyl synagy» atly bäsleşikler hem ökde talyplary ýüze çykardy.