Durnukly ösüş — abadan ýaşaýyş

21 Aprel 2021
827

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny barha kämilleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ösüşiň hukuk esaslary berkidilip, dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli Maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan bu gün uly ösüşlere eýe bolýan, açyk ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna goşuldy.

Milli we döwlet maksatnamalarynda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri amala aşyrmak önümçiligiň ýokary girdejililigini, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň möçberini durnukly artdyrmaga, netijede raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlarynda gazanylan netijeler hem aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe bank ulgamy hem ykdysady ösüşleriň gazanylmagynda, maliýe we pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurduň ykdysadyýetini ýeterlik derejede pul serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

Arslan ALLABERENOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň iş dolandyryş bölüminiň başlygy.