Söýgüden gurlan şäher

21 Aprel 2021
780

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykýan her bir eseri halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ol eserler döredijilik adamlary üçin özboluşly ylham çeşmesidir. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleriniň ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylyşyndan hem görmek bolýar. Olar teatr muşdaklarynyň höwes bilen tomaşa edýän eserlerine öwrüldi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynyň başky aýynda hormatly Prezidentimiz ähli halkymyzy ýene bir täze eseri bilen begendirdi. Aýdym bolup dörän «Ak şäherim Aşgabat» eseri paýtagtymyzyň mähribanlygyň, gözelligiň şäheridigini, dost-doganlygyň merkezidigini, Aziýanyň dür-merjenidigini köňüllere söýgi bilen buşlaýar.

Bilbil BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.