Arkadagyň bagt ganaty — Aşgabat

5 Aprel 2021
789

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi günsaýyn özgerýär, onuň gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde häzirki wagtda ajaýyp binagärlik hem ekologik aýratynlyklary boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze döwrümiziň döredijilik kuwwatyny halkymyzyň asyrlara ýalkym saçýan gurmak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak esasynda dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ganaty, halkymyzyň ak bagty bolan bu günki Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Şu ýyl gözel paýtagtymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly sene, Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylyny bezäp-besleýän bu şatlykly senäni giňden dabaralandyrmak ugrunda taýýarlyk işlerine şu günlerden giň gerim berildi.

Günden nur, gülden görk alýan şäheriň gözel durkunda döredijilikli zähmetiň, bagtyýar durmuşyň, egsilmez eşretleriň synmaz ruhy duýulýar. Giň hem göni şaýollarda artýan joşgunly hereketde bereket-bolçulygyň, ýurdumyzyň joşgunly ösüşiniň aýdyň alamatlaryny görmek bolýar. Şäher gurluşygynyň dünýä tejribesindäki hem-de milli binagärlik däplerindäki iň ösen talaplaryna laýyk gelýän her bir gurluşykda şäher ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar. Ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap ýollaryň, ýanýodalaryň, ýerasty geçelgeleriň gurulmagy, täze-täze desgalaryň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz başlangyçlarynyň doly durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hoşgeldi GARLYÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň «Daşoguzawtoýollary» gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary.