Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

23 Dekabr 2021
1503

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň we ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň öňüni almak boýunça daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmäge bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolabaşçylary we işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Brifingde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda adamlaryň ömrüniň we saglygynyň goraglylygy hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny we bu ugurda döwletimiziň ähli tagallalary durmuşa geçirýändigini belledi. Bu ugurda biziň ýurdumyzyň geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary aýratyn mana eýe bolup durýandyr. 

www.mfa.gov.tm