Serhedimiziň sak goragçylary

31 Mart 2021
795

Beýik Oguz handan gözbaş alýan ençe müňýyllyk taryhymyzyň dürli döwürlerinde halkyň öňüne çykan, durmuşyň çarkandakly ýollarynda ýan bermedik şahsyýetlerimiziň Watanyň parahatlygyny, halkyň asuda durmuşyny goramakda görkezen mynasyp ýollary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem dowam etdirilýär. Çünki ata-babalarymyzyň durmuş terbiýesine öwrülen ýörelgeleri nesilme-nesil sünnälenip, kämil derejede biziň günlerimize ýetirilipdir. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ata-baba aňyrsy watansöýüji, ar-namysy ähli zatdan ýokarda goýýan millet bolan türkmeniň gaýduwsyz ogullary eždatlarymyzyň watançylyk wesýetlerine, ýörelgelerine, beren sözlerine ygrarlydyklaryny ýurt goragynda subut edýärler.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedine öwrülen mukaddes araçägimizde gulluk edýän serhetçi esgerleriň gursaklarynda pederlerimiziň şu topragyň goragynda görkezen gaýduwsyzlyklary gaýnap joşýar. Podpolkownik Parahat Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän serhet birikmesinde ýurdumyzyň araçägini goraýan ezber ýigitler, esgerler Kadyr Çerkezow, Rozygeldi Penjiýew, Arazmyrat Gaýypow, Sarynyýaz Sarynyýazow dagy kabul eden harby kasamlaryna ygrarly bolup, Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borçlaryny ak ýürek bilen berjaý edýärler. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň gezen daglarynda serhet ýodalaryny külterleýän bu berdaşly ýigitler öz gullukdaş ýoldaşlary bilen egin-egne berip, hüşgärligi birjik-de elden bermän, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, milli baýlyklarymyzyň goragynda sak durýarlar. Olar Watan öňündäki jogapkärli borçlaryny duýup, serhet goragynda hüşgärlik görkezdiler we Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Kamar SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.