Abaý gü­ni bel­le­nil­di

16 Awgust 2024
99

10-njy aw­gust­da Ga­za­gys­tan­da gör­nük­li şa­hyr, aň-bi­lim ýaý­ra­dy­jy we fi­lo­sof Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň hor­ma­ty­na Abaý gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu ýyl onuň dog­lan gü­nü­ne 179 ýyl dol­dy. Şol gün ýur­duň paý­tag­ty As­ta­na­da Aba­ýyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Abaý Ku­nan­ba­ýew ga­zak şa­hy­ry, ma­ga­ryf­çy­sy, akyl­da­ry we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri­dir. Ol Ga­za­gys­ta­nyň ýa­zuw ede­bi­ýa­ty­ny esas­lan­dy­ry­jy we ýur­duň il­kin­ji nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy­dyr. Abaý, ys­lam ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ga­zak däp-des­sur­la­ry­ny Ýew­ro­pa me­de­ni­ýe­ti­ne ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga ta­gal­la eden me­de­ni re­for­ma­çy hök­mün­de hem giň­den ta­nal­ýar.