Akyldaryň ömrüniň we şygryýet dünýäsiniň çeper beýany

31 Ýanwar 2024
417

Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmaklyga aýratyn üns berilýär. «Dowamatdyr, bagtyýardyr, sarsmaz türkmen binasy» diýen at bilen ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň sahnalaşdyran spektaklynyň tomaşaçylara görkezilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň şygyrlary esasynda sahnalaşdyrylan spektakl şahyryň ömür ýoluna, döredijilik dünýäsine bagyşlanýar.

Sahna eseri «Garaşsyzlyk» binasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragynyň hem-de beýleki nusgawy şahyrlaryň heýkelleriniň görünmegi bilen başlanýar. Spektaklyň esasy wakalary mugallymynyň maslahatyna eýeren çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň dana şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynyň her bir setiriniň manysyny şekile geçirip, rowaýatlary gürrüň berip başlamaklaryndan badalga alýar. Dokuz görnüşli sahna oýnunyň her görnüşinde gürrüň berilýän rowaýatlaryň mazmuny artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeklerinde sahnada janlandyrylýar. Spektaklyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, kämillik döwründäki wakalar beýan edilýär. Akyldar şahyryň watançylyk, mertlik, gahrymançylyk, wepadarlyk, gözellik, ýagşylyk, ynsanperwerlik ýaly ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleri ündeýän şygyrlary, olara bagyşlanan rowaýatlar spektaklyň tutuş süňňüni düzýär.

Aýjemal Gaýlyýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».