«Gara altyndaky» gyzykly günler

9 Awgust 2024
112

Çagalar – durmuşyň gül-gunçalary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, okamagy, dynç almagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikler döredilýär. Muňa dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Diýarymyzyň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen şertler bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň höwes bilen dynç alýan, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýän merkezleriniň biridir. Bu ýerde tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 400 çaga dynç alyp bilýär.