Täzelikler

9 Awgust 2024
134

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň soňky aýynyň her güni täsirli pursatlara beslenýär.

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem ýaşlaryň dynç alşynyň gyzykly geçmegi ugrunda köp tagallalar edilýär. Golaýda bu ýerde welaýat çagalar kitaphanasynyň guramagynda «Kitap — ylmyň genji-hazynasy» diýen şygar astynda duşuşyk geçirildi. Onda kitaphanaçylar çagalary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Ady bar-da, özi ýok» atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitapda türkmen halk ertekileri ýerleşdirilipdir. Şonuň ýaly-da çärede kitaphana işgärleri Magtymguly Pyragynyň täze neşir edilen goşgular ýygyndysy barada gürrüň berdiler. Täze kitapdaky goşgulardan bentler okaldy. Çäre mahalynda çagalar bilen sowal-jogap alşyldy. Aýratyn tapawutlanan ýaşlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.