Sagdyn durmuşyň gözbaşy

27 Iýul 2021
969

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adamyň sport bilen meşgullanmagy, ýaş nesliň berk bedenli we sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň, Diýarymyz sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdepleri, stadionlar, sportuň islendik görnüşi üçin meýdançalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär.

Çemen KÖNÄÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.