Kö­ne elekt­ron en­jam­lar­dan al­tyn alnar

9 Awgust 2024
52

Ang­li­ýa­nyň Pa­ty­şa­lyk zik­ge­ha­na­sy (Royal Mint) ula­nyş­dan ga­lan elekt­ron en­jam­la­ry gaý­ta­dan iş­läp, al­tyn alyn­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kö­ne elekt­ron en­jam­lar­da­ky gym­mat­ly me­tal­la­ry al­mak üçin tä­ze za­wo­dyň gur­lan­dy­gy aý­dyl­dy. Önüm­çi­lik des­ga­syn­da­ky teh­no­lo­gi­ýa pla­ta­nyň dü­zü­min­dä­ki sap aras­sa al­ty­ny 4 mi­nut­da çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa örän az ener­gi­ýa sarp edil­ýär.

«Royal Mint» müň ýyl­dan gow­rak wagt­ bä­ri ýurt­da şa­ýy­lyk pul­la­ry çy­kar­ýar. Uels­de açyl­jak za­wod­da pla­ta­lar­da­ky gym­mat­ly me­tal­lar çy­ka­ry­lar. 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan önüm­çi­lik des­ga­sy te­le­fon, ýan­komp­ýu­ter we te­le­wi­zor ýa­ly elekt­ron en­jam­lardan her ýyl­da 4 müň ton­na çen­li al­tyn çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Al­tyn çy­kar­mak üçin il­ki pla­ta­nyň dü­zü­min­de al­tyn bo­lan bö­le­gi gyz­gyn­lyk ar­ka­ly aý­ry­lar. Soň­ra al­tyn­ly bö­lek baş­ga bir bö­lü­me ibe­ri­lip, şol ýer­de al­tyn­la­ry al­nar. Kir ýu­wu­jy ma­şyn­lar­da­ky al­tyn­la­ry al­mak üçin bol­sa er­gin ula­ny­lar. Il­ki al­tyn er­gi­ne ga­ryş­dy­ry­lar. Şon­dan soň­ra dü­zü­min­de al­tyn bo­lan er­gin süz­güç­den ge­çi­ri­lip, toz­ga gör­nü­şin­de al­nar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ýo­ka­ry hil­li, 99,99 gö­te­rim aras­sa al­ty­ny al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.