Çeper gimnastikaçylaryň ýeňşi

5 Awgust 2024
237

Halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan ýaş türgenlerimiz diýseň kän. Olaryň gazanýan şeýle üstünlikleri baradaky hoş habarlary eşidenimizde buýsanjymyz goşalanýar. Ýakynda şeýle buýsandyryjy hoş habary halkymyz bilen paýlaşmak ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň ýetginjek gyz türgenleriniň paýyna düşdi. Olar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türgen gyzlarymyz dürli derejeli medallaryň 29-yna mynasyp boldular. 6 — 16 ýaş aralygyndaky gimnastikaçy türgen gyzjagazlar bu halkara ýaryşyndan 18 altyn, 10 kümüş we 1 bürünç medallaryny gazandylar.

Elbetde, bu ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň görkezen netijeleri. Ýygyndynyň düzüminde aýratyn erjel türgen — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Gurbanowa hem bar. Mahym üç ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanyp, ýurdumyzda gimnastika boýunça geçirilen çempionatlarda öz agram derejesinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 11 ýaşly türgen gyzjagazymyz häzirki wagta çenli çeper gimnastika boýunça halkara ýaryşlarynyň dördüsine gatnaşdy. Mahym çeper gimnastika boýunça 2023-nji ýylyň martynda Gruziýada geçen halkara ýaryşda kümüş medal, şol ýylyň awgustynda ýene şol ýurtda geçen halkara ýaryşda altyn medal gazanýar. Mahym jigimiz Özbegistan Respublikasynda hem çeper gimnastika boýunça geçen iki halkara ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, ýurdumyzyň baýrak gaznasyna iki sany altyn medal getirdi. Ol ýaryşlaryň birinjisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň fewral aýynda, ikinjisi bolsa iýun aýynda geçdi. Bu bolsa 11 ýaşly türgen gyzjagazyň aýratyn erjelliginden habar berýär. Mahym Türkmenistanyň sport ussady, ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň gyzlar toparynyň baş tälimçisi Fiza Aýwazowadan tälim alýar.

«Güneş».