Uly höwes döretdi

26 Iýul 2024
303

TMÝG-niň etrap geňeşi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär. Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi ýaş nesillerimizi kitaphanalara çekmek we olarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen etrapdaky 2-nji, 5-nji çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Kitap meniň dostum!” ady bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guradylar.

Çagalary kitaphana çekmek maksady bilen geçirilen bu çärede körpe nesillerimiz kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplar bilen tanyş boldular. Aýratynam, kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi, özlerine tanyş bolan “Böwenjik”, “Hudaýberdi gorkak” ýaly ertekileriň bezemen suratly kitaplaryny görmek körpeleri örän begendirdi we beýleki ertekileri hem okamaga uly höwes döretdi.