Ýaş ýol gözegçileri bäsleşdiler

26 Iýul 2024
217

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we Balkanabat şäheriniň  Hazar şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň bilelikde guramaklarynda «Men — ýaş ýol gözegçisi» atly bäsleşik geçirildi. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, olar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan mekdep okuwçylary toparlaýyn gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar dürli oýunlaryň üsti bilen ýol hereketiniň düzgünleri, ýolyşyk we ýol belgileri boýunça düşünjelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Baýramgylyç Bagşyýew,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň wzwod serkerdesi, polisiýanyň kapitany.