Olimpiýa oýunlarynyň gysgaça taryhy

26 Iýul 2024
246

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gelip çykyşy barada ençeme gürrüňler, mifiki rowaýatlar bar bolup, bu oýunlaryň haçan, nirede dörändigi hakynda anyk maglumat aýtmak juda kyn. Ýöne şol myş-myşlaryň, rowaýatlaryň arasynda iň ýörgünlisi şudur: miladydan öň 500-nji ýyllarda gadymy grekleriň arasynda yzygiderli ýeňil atletika festiwallary geçirilýärdi. Şol festiwallaryň arasynda- da iň meşhury 4 ýyldan bir gezek Olimpiýa dagynda Zeusa bagyşlanyp geçirilýän Olimpiadady. Bu Olimpiadada gysga, orta we uzak aralyklara ylgamak, pentatlon (bäş görnüşli), boks hem-de göreş ýaly sport görnüşleri bolup, ýaryşlara aglaba diýen ýaly erkekler gatnaşýardy. Miladydan öň II asyrda bu Olimpiýa oýunlary Rim imperiýasy tarapyndan ýatyrylýar. 1892-nji ýylda Pariždäki Sorbonn uniwersitetinde çykyş eden fransiýaly baron, pedagog hem-de taryhçy Pier de Kuberten halkara sport çäresini, halkara sport ýaryşlaryny geçirmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Ol çykyşynda sportuň peýdasy — halklary dostlaşdyrýandygyny, jebisleşdirýändigini, parahatçylygy ündeýändigini, şol bir wagtyň özünde, adamyň bedenine, saglygyna hem-de ruhuna peýdasynyň ýokarydygyny belläp geçýär. Ähli milletleri bir ýere jemlemek, zemindäki halklary bilelikde bir maksada gönükdirmek üçin Olimpiýa oýunlarynyň döredilmeginiň ýa-da iň bolmanda, şol köne nusgasynyň dikeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ýygnananlardan Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge goldaw bermeklerini haýyş edýär. Soňlugy bilen, 1892-nji ýylyň iýun aýynyň ortalaryna Sorbonn uniwersitetinde Halkara Olimpiýa Komiteti esaslandyrylýar. Onuň başlygy wezipesine- de Kubertene uly goldaw berenleriň biri bolan gresiýaly Demetrius Wikelas bellenilýär. 1894-nji ýylyň 23-nji iýunynda Halkara Olimpiýa Komiteti 13 ýurtdan 79 wekiliň gatnaşmagynda özüniň ilkinji kongresini geçirýär. Bu üýşmeleňde häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň ilkinjisiniň Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçirilmelidigi barada netijä gelinýär. Aslynda ilkibaşda, Olimpiýa oýunlaryny 1900-nji ýylda Parižde Dünýä ýarmarkasy bilen bilelikde guramak barada pikir alşylýar. Ýöne Olimpiadanyň özüniň aýratyn bir çäre bolmalydygy, Olimpiýa ruhunyň duýulmalydygy öňe sürülýär. Bu teklip köpçülik tarapyndan makullanýar. Şeýlelikde, ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlary Olimpiadanyň gelip çykan ýeri diýlip hasaplanýan Gresiýada, ýagny onuň paýtagty Afinyda guralýar. Bu Olimpiýa oýunlaryndan soň birnäçe türgenler, sporta degişli ýolbaşçylar Olimpiýa oýunlarynyň hemişe Afinyda geçirilmelidigini belleýärler. Ýöne Halkara Olimpiýa Komiteti sport ýaryşlarynyň örüsiniň giňemeginiň tarapdary bolany üçin bu teklip bilen ylalaşmaýar. Onsuzam II Olimpiýa oýunlarynyň 1900-nji ýylda Parižde geçiriljekdigi barada öň karara gelinýär. Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy 1912- nji ýylda Kuberteniň özi tarapyndan dizaýn edilýär. Ak zeminiň üstüne zynjyr şeklinde gök, sary, gara, ýaşyl hem-de gyzyl reňkli halkalar ýerleşdirilýär. Kuberten reňkleri şol ýyllarda Olimpiada gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklarynyň ählisini özünde jemleýändigi üçin saýlandygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde- de 5 halka 5 kontinenti aňladýar. Bu baýdak ilkinji gezek 1920-nji ýylda Antwerpende geçirilen Olimpiadada peýda bolýar. Tomusky Olimpiýa oýunlary 1916- njy ýylda Birinji Jahan urşy, 1940-njy we 1944-nji ýyllarda Ikinji Jahan urşy sebäpli geçirilmedi. Her 4 ýyldan geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary şol 3 gezekden başga- da ýene bir gezek kadadan çykyp, pandemiýa sebäpli Tokio 2020 Olimpiadasy 2021-nji ýylda guralýar. Tomusky Olimpiýa oýunlary şu wagta çenli 5 yklymda 19 ýurtda, 23 şäherde geçirildi. Iň köp guran ýurt ABŞ bolup, 4 amerikan şäheri Olimpiýa oýunlaryny kabul etdi. Olimpiada 2028-nji ýylda ABŞ-da 5-nji gezek geçiriler we Los Anjeles şäheri London hem-de Parižden soň tomusky Olimpiýa oýunlaryny 3 sapar guran 3-nji şäher bolar. Afiny we Tokio şäherleri 2 gezek ýaryşyň guramaçy şäheri boldy.