"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Pudagyň kuwwaty ýokarlanýar Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda ýokary netijelere eýe bolunýar.

Kämil taslama

Häzirki wagtda bütin dünýäde adamlaryň sanynyň artmagy, ýurtlaryň senagatlaşdyrma derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa süýji suwy sarp edýän kärhanalaryň köpelmegi bilen agyz suw bilen üpjünçilik meselesine jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Şeýlelikde, şor suwy süýjediji tehnologiýalardan peýdalanmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Soňky ýyllarda dürli görnüşli innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly amatly çykalga tapylýandygyna garamazdan, bu tehnologiýalaryň gymmatdygy we süzüji serişdeleriniň daşary ýurtlardan getirilýändigi sebäpli, alnan önümiň özüne düşýän gymmaty artýar. Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň alymlary tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilip, ekologiýa taýdan arassa we tükeniksiz energiýa çeşmesi bolan Günüň energiýasyndan peýdalanmak arkaly özbaşdak energiýa üpjünçiliginde işleýän, suwy süýjediji gurluşyň toplumlaýyn taslamasy işlenilip düzüldi.

Ylym — öm­rüň ýag­ty­ly­gy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň iş­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ylym ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň esa­syn­da yl­myň dür­li ýaý­raw­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýan ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yl­my eda­ra­la­ryň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek, döw­le­ti­mi­ziň in­tel­lek­tual kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, ylym ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak, ylym ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze­çe pi­kir­len­mä­ge, önüm­çi­lik iş­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly hü­när­men­ler döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň esa­sy da­ýan­jy bo­lup dur­ýar. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de yl­my iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, yl­my iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy, ta­lyp­la­ryň yl­my iş­le­re çe­kil­me­gi, tä­ze tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­nil­me­gi, ha­ly­pa alym mu­gal­lym­lar ta­ra­pyn­dan yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýan ýaş­la­ra de­ger­li gol­daw­la­ryň be­ril­me­gi bi­ziň yl­ma bo­lan hö­we­si­mi­zi has-da art­dyr­ýar.

Dil bilen köp biler

Garaşsyz Diýarymyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň intellektual kuwwatyny artdyrmak üçin ylmy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir. Şunda ykdysadyýetimizde bolup geçýän möhüm özgertmeler we onuň dünýä bazaryna girmegi, iňlis dilinde gürleýän hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Iňlis dili halkara aragatnaşygynyň dili hökmünde diňe bir işewürlikde däl, eýsem, dürli ugurlarda ulanylýar. Halkara derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryň barha artmagy, telekeçileriň sanlarynyň köpelmegi sebäpli, iňlis diliniň käbir işewürlik sözleri terjime edilmezden, ähli dillerde ulanylýar. Muňa mysal edip, «diwersifikasiýa», «marketing» ýaly sözleri getirip bolar. Ylym we tehnikanyň gazananlaryny ykdysadyýete ornaşdyrmak, jemgyýetiň ähli mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek biziň döwletimiziň häzirki döwürdäki ösüş strategiýasydyr. Ony durmuşa geçirmekde ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, ykdysatçy ýaş hünärmenleriň orny uludyr. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak, ilkinji nobatda, häzirki döwürde neşir edilýän serişdelere düşünmek, habarly bolmak, esasan, daşary ýurt dillerinde berilýän internet maglumatlaryny ulanmak üçin rus, iňlis we beýleki daşary ýurt dilleriniň çuňňur öwrenilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ägirt uly işl

Kitaphana — ruhy hazyna

Kitaphanalar ynsanyň ruhy dünýäsiniň rahatlyk tapýan öýüdir, kitaplar bolsa jemgyýetçilik aňynyň sagdyn kemala gelmegine hyzmat edýän medeni-ruhy baýlygymyzyň egsilmez çeşmesidir. Biziň durmuşymyz, duýgularymyz we pikir giňişligimiz kitaplar bilen kämilleşýär. Ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işiniň guralyşy dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphanalara aýratyn üns berlip, yzygiderli neşir edilýän täze kitaplaryň, okuw gollanmalarynyň sany artýar we olaryň saklanylyşyna bolan talap güýçlenýär. Biziň kitaphanamyzyň alyp barýan işleri hem  ýaş okyjylaryň kitaba bolan islegini kanagatlandyrmaga, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga gönükdirilýär. Ýaşajyk okyjylarymyza  kitaphana tarapyndan gerekli hyzmatlar edilýär. Körpelere özlerine gerek bolan kitaplary aňsatlyk bilen tapmagyň usullaryny görkezýäris hem-de okyjylarymyzyň has-da köpelmegini gazanýarys. Geljekde hem kitaphana ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde we bu ulgamy dünýä derejesine çykarmakda alnyp barylýan işlere öz goşandymyzy goşup, ýaş nesillerimiziň ylym-bilim

Galyndysyz önümçilik — döwrüň talaby

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy, hususan-da, himiýa we himiýa tehnologiýasy uly depginler bilen ösdürilýär, mineral dökünleri öndürýän, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işleýän zawodlaryň durky täzelenýär, täzeleri gurulýar hem-de olarda öz önümçiliklerimizde ulanylýan, daşary ýurtlara eksporta niýetlenen harytlar öndürilýär. Täze gurulýan şeýle önümçilikleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galyndysyz önümçilik tehnologiýasyna geçmegiň häzirki döwrüň talabydygyny nygtap, bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleriniň baş mowzugy bolan himiýa senagatynyň önümçiliklerinde ýüze çykýan ekologik meseleler boýunça yzygiderli ylmy-barlaglary geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler türkmen himiklerini we nebitdir gazy gaýtadan işleýän hünärmenleri ylmy-barlag işlerini alyp barmaga borçlandyrýar.

Önümçiligi ylmy esasda ösdürmek ugrunda

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir işgärleri hem ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Institutyň halypa alymlarydyr zähmetsöýer hünärmenleri has çuň gatlaklardan uglewodorod gorly täze ýataklary ýüze çykarmak, tassyklanan känlerde burawlanyljak guýularyň, ol guýulary ulanyşa girizmek üçin zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň taslama-çenlik resminamalaryny düzmek we resmileşdirmek boýunça düýpli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan işlenip geçilýän känlerde ulanylýan nebitli, gazly guýularyň kadaly iş düzgünlerini üpjün etmekde zerur bolan abatlaýyş işleriniň talabalaýyk guralmagynda ygtybarly geçirmek esasynda uglewodorod serişdesiniň çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz toplaýyş-taýýarlaýyş desgalaryny bökdençsiz işletmek bilen nebiti, gazy ýitgisiz ýygnap, sarp edijilere ibermek boýunça önümçilikde ýerine ýetirilýän işleri ylmy taýdan ugrukdyrmakda zerur bolan ylmy-amaly barlaglary geçirýärler.

Ylym — ösüş­le­riň ýo­ly

Ýur­du­myz­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ry­my­zyň hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na erk edip bil­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Giň göz­ýe­tim­li, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek bi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy bol­ma­ly» di­ýip bel­le­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myn­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ry­my­zyň döw­re­bap de­re­je­de bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy­na, hü­när öw­ren­me­gi­ne, yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne hem-de öz­ge­ri­şi­ne gös-gö­ni ýar­dam ber­ýän yl­my we in­no­wa­si­ýa iş­le­ri iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ga­za­nan­la­ry tap­gyr­ma-tap­gyr or­naş­dy­ryl­ýar, te­bi­gat, jem­gy­ýet, adam ha­kyn­da tä­ze bi­lim­le­riň öz­leş­di­ril­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da ýaş­la­ry­my­zyň yl­my göz­leg­ler bi­len meş­gul­lan­ma­gy ba­ba­tyn­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ylym — kämillik we güýç-kuwwat

Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Ylym-bilim ähli ösüşleriň özeni, üstünlikleriň gözbaşy hasaplanýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydyr. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär. Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Ylym — bagtyň binýady

Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämil ylymly, bilimli, Watana, il-güne wepaly nesilleri kemala getirmek, asylly hem-de jogapkärli käriň eýesi bolan mugallymlarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň esasy wezipeleriniň biridir» diýmeginiň baş maksady — bu ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertleri döretmek arkaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ylmyň, tehnologiýanyň adamzadyň aňynyň güýçli depgin bilen ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze hem oňyn görnüşlere eýe bolýan zamanasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda belent derejelere ýetirmek maksady bilen beýik işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylma höwes döretmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmy işleriň bäsleşigi yglan edilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ylma höwesli ýaşlaryň ençemesi yzygiderli gatnaşyp, ylmy işler bilen çykyş edip, ýeňiji bolmak bagtyny ykballaryna ýaran e

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagyny senagat esasynda ösdürmegiň ugurlary

Maldarçylyk pudagy ilatymyzy azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyzyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallardan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmek, baş sanyny artdyrmak boýunça anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipelerden ugur alnyp, dowardarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda dowarlar ýylyň bütin dowamynda öri meýdan şertlerinde bakylýar. Şonuň bilen baglylykda, olaryň et-ýag we ýüň önüm berijiligi gönüden-göni ýurdumyzyň tebigy, howa we öri meýdan, ot-iým şertlerine bagly bolup durýar. Dowarlar ekstensiw şertlerde, ýagny öri meýdan şertlerinde saklananda, olar et-ýag we ýüň öndürmek boýunça özünde jemlenen genetiki potensialy (mümkinçiligi) doly derejede ýüze çykaryp bilmeýär. Emma dowarlar üçin amatly şertler döredilende, olaryň et-ýag we ýüň önümliligi ýokary bolýar.

Kompýuter tehnologiýalary

«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022 Hä­zir­ki wagt­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den ýaý­ra­ma­gy bi­len komp­ýu­te­riň nä­me­di­gi­ni dü­şün­dir­mä­ge ze­rur­lyk ýok. Em­ma bi­ziň ag­la­ba­myz «komp­ýu­ter» sö­zü­niň türk­men di­lin­de «ha­sap­laý­jy» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny bil­me­ýän bol­ma­gy­myz ah­mal. Komp­ýu­ter il­ki­baş­da dö­re­di­len­de, di­ňe ha­sap­la­ýyş iş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen en­jam bo­lup­dyr. Soň­ra ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­me­gi bi­len komp­ýu­ter­ler san gör­nü­şin­de be­rip bol­ýan is­len­dik mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýa­ram­ly bo­lup baş­la­ýar­lar.

“Ylymly il ozar”

“Ylymly il ozar” diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki ylym ähli ösüşleriň seresidir. Ylym ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmeklige döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda galkynýan ýurdumyzda milli ylym ulgamy günsaýyn däl-de, eýsem, sagatsaýyn, minutsaýyn özgerip barýar. Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary hilli bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, gözellik babatda gözüňi dokundurýan bilim ojaklarynyň ýaşlar üçin gapysyny giňden açmagy ylym-bilime bolan höwesi artdyrýar. Şol döwrebap orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň aň-biliminiň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ylmyň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny

Ýaş nesliň abadançylygy – täze eýýamyň rowaçlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkararlyk döwrüniň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi

Yl­my iş­le­riň äh­mi­ýe­ti

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ylym-bi­li­mi ös­dür­mek, ýaş alym­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da ylym-bi­li­me in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar, ýaş nes­liň öw­re­ni­ji­lik iş­jeň­li­gi we öz­baş­dak pi­kir­len­mek en­di­gi ös­dü­ril­ýär. Mu­gal­ly­myň ýa-da yl­my iş­gä­riň işi­niň ne­ti­je­si­ne tä­sir ed­ýän ýag­daý­la­ry şert­li iki to­pa­ra böl­mek bo­lar: bi­rin­ji­si — iş­gä­riň zäh­me­tiniň ne­ti­je­li­li­gi­ne tä­sir ed­ýän we ikin­ji­si — mu­gal­ly­myň ýa-da yl­my iş­gä­riň öz zäh­me­ti­ne bag­ly so­rag­la­r.

Dil bilmek – dünýä göz ýetirmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Arkadagly Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, de

Ylymly ýaşlar röwşen geljegimizdir

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Hünärine ussat, häzirki zaman sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek — döwrüň talaby. Şu maksatdan ugur alyp, ýaşlary ylma çekmekde döwlet derejesindäki çärelere, ylmy işler boýunça bäsleşiklere giň gerim berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň, şeýle-de onuň garamagynda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda jemi 50-ä golaý ýaş alymlar merkezleriniň açylandygyny bellemelidiris. Jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilen bu merkeziň maksady ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we gözleg işlerine çekmäge, täze ylmy açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Aşgabatda “Sanly çözgüt-2022” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabatda "TürkmenTel-2022" XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady, onuň öňüsyrasynda "Sanly çözgüt-2022" atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi, forumyň dowamynda bolsa bäsleşigiň netijeleri jemlendi. Biz onuň käbir netijelerini hödürläris. Bu bäsleşige 250 töweregi ylmy taslama hödürlenip, olaryň arasynda talyplar, ýokary synp okuwçylary we ýaş IT hünärmenleri bar.

Ylym — ynsanyň kuwwaty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda gazanylan üstünlikler babatda giňişleýin gürrüň etmegi durmuşymyzda buýsançly wakalaryň biri boldy. Ýaşlar ata Watanymyzyň geljegi hasaplanylýar. Inžener-tehniki ugurda türkmen hünärmenleriniň hem-de ýaş alymlarynyň kemala gelmeginde halypa-şägirtlik ýoly has zerur bolup durýar.

Şorlaşan ýerleriň özleşdirilişi: ylmy barlaglar, oňyn netijeler

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk, daşky gurşawy goramak ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň ulanylyş medeniýetini kämilleşdirmek, şeýle-de olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda çölleşme hadysasyna garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, şorlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça görülýän çärelerdir alnyp barylýan ylmy-barlag işleri-de öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Biz hem şular barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biodürlülik barlaghanasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat DURDYÝEW bilen söhbetdeş bolduk. — Baýrammyrat aga, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, adamlaryň ekologik medeniýetliligini ýokarlandyrmaga, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň beräýseňiz!