Önümçiligi ylmy esasda ösdürmek ugrunda

28 Noýabr 2022
847

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir işgärleri hem ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmak bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Institutyň halypa alymlarydyr zähmetsöýer hünärmenleri has çuň gatlaklardan uglewodorod gorly täze ýataklary ýüze çykarmak, tassyklanan känlerde burawlanyljak guýularyň, ol guýulary ulanyşa girizmek üçin zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň taslama-çenlik resminamalaryny düzmek we resmileşdirmek boýunça düýpli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle hem «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan işlenip geçilýän känlerde ulanylýan nebitli, gazly guýularyň kadaly iş düzgünlerini üpjün etmekde zerur bolan abatlaýyş işleriniň talabalaýyk guralmagynda ygtybarly geçirmek esasynda uglewodorod serişdesiniň çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz toplaýyş-taýýarlaýyş desgalaryny bökdençsiz işletmek bilen nebiti, gazy ýitgisiz ýygnap, sarp edijilere ibermek boýunça önümçilikde ýerine ýetirilýän işleri ylmy taýdan ugrukdyrmakda zerur bolan ylmy-amaly barlaglary geçirýärler.

Serdarmuhammet IZIMOW,
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri.
Beýleki habarlar