Galyndysyz önümçilik — döwrüň talaby

7 Dekabr 2022
1084

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy, hususan-da, himiýa we himiýa tehnologiýasy uly depginler bilen ösdürilýär, mineral dökünleri öndürýän, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işleýän zawodlaryň durky täzelenýär, täzeleri gurulýar hem-de olarda öz önümçiliklerimizde ulanylýan, daşary ýurtlara eksporta niýetlenen harytlar öndürilýär. Täze gurulýan şeýle önümçilikleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galyndysyz önümçilik tehnologiýasyna geçmegiň häzirki döwrüň talabydygyny nygtap, bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi.

«Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleriniň baş mowzugy bolan himiýa senagatynyň önümçiliklerinde ýüze çykýan ekologik meseleler boýunça yzygiderli ylmy-barlaglary geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler türkmen himiklerini we nebitdir gazy gaýtadan işleýän hünärmenleri ylmy-barlag işlerini alyp barmaga borçlandyrýar.

Myratgeldi KEÝMIROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghanasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar