Kämil taslama

13 Dekabr 2022
954

Häzirki wagtda bütin dünýäde adamlaryň sanynyň artmagy, ýurtlaryň senagatlaşdyrma derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Bu bolsa süýji suwy sarp edýän kärhanalaryň köpelmegi bilen agyz suw bilen üpjünçilik meselesine jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Şeýlelikde, şor suwy süýjediji tehnologiýalardan peýdalanmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Soňky ýyllarda dürli görnüşli innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly amatly çykalga tapylýandygyna garamazdan, bu tehnologiýalaryň gymmatdygy we süzüji serişdeleriniň daşary ýurtlardan getirilýändigi sebäpli, alnan önümiň özüne düşýän gymmaty artýar.

Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň alymlary tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilip, ekologiýa taýdan arassa we tükeniksiz energiýa çeşmesi bolan Günüň energiýasyndan peýdalanmak arkaly özbaşdak energiýa üpjünçiliginde işleýän, suwy süýjediji gurluşyň toplumlaýyn taslamasy işlenilip düzüldi.

Merjen ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.
Beýleki habarlar