Ylym — bagtyň binýady

23 Noýabr 2022
817

Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämil ylymly, bilimli, Watana, il-güne wepaly nesilleri kemala getirmek, asylly hem-de jogapkärli käriň eýesi bolan mugallymlarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň esasy wezipeleriniň biridir» diýmeginiň baş maksady — bu ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine, ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertleri döretmek arkaly, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ylmyň, tehnologiýanyň adamzadyň aňynyň güýçli depgin bilen ösýän, halkara gatnaşyklarynyň has täze hem oňyn görnüşlere eýe bolýan zamanasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda belent derejelere ýetirmek maksady bilen beýik işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylma höwes döretmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmy işleriň bäsleşigi yglan edilýär. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ylma höwesli ýaşlaryň ençemesi yzygiderli gatnaşyp, ylmy işler bilen çykyş edip, ýeňiji bolmak bagtyny ykballaryna ýaran edinýär.

Göwher URAÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar