"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«OLIPOP» 200 million amerikan dollarlyk girdeji alýar

Başlangyç. Ösüş Önümçilige başlanyna, önümlerini azyk dükanlarynyň tekjelerine goýanyna bary-ýogy 5 ýyl çemesi wagt bolsa-da, «Olipop» geçen ýylda 200 million amerikan dollaryndan geçirip girdeji aldy. «Pitchbook»-yň maglumatlaryna görä, «Olipop» önümçilige 55,4 million dollar goýup, geçen ýylky bahasy bolsa 199,8 million dollara bardy. Täze brendiň esaslandyryjysy we baş direktory Ben Gudwin satuwy ýokarlandyryp, şeýle-de marketing işlerini güýçlendirip, «Olipop»-yň müşderilerini artdyrmagy maksat edinýändiklerini aýdýar.

Poppi bazardaky ornuny berkidýär

ABŞ-da sarp edijileriň arasynda düzüminde şeker, emeli reňkler we goşmaça süýjedijiler bolan içgileri içmegi azaltmak meýli dowam edýär. Alyjylar soňky ýyllarda sagdyn iýmitlenmäge, witaminler we prebiotikler bilen baýlaşdyrylan içgilere uly üns berýärler. Şekere derek bolsa, stewiýa ýaly ösümlikleri orun tutujy hökmünde ulanmagy makul hasap edýärler.

Dünýä bazary: gazly içgiler

«Coca-Cola» 137 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek ähli önümlerini bir bukjada birleşdirýän mahabat kampaniýasyna başlady. Milliardlarça müşderisi bolan «Coca-Cola» bu mahabat kampaniýasyny «Täze ýigit» diýip atlandyryp, onda her bir adam üçin bagtly pursatlara sebäp bolýan adamzat tejribesiniň jadysyny we çylşyrymlylygyny beýan etmegi maksat edinýändigini belleýär. Mahabat wideo roliginiň dowamlylygy 90 sekunt bolup, ol şeýle şygar bilen jemlenýär:

Sanly ykdysadyýet — döwrüň mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda, ilki bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Sirkulýar ykdysadyýet

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Sirkulýar ykdysadyýetiň öz ýörelgeleri bar. Olara çäklendirilen ätiýaçlyklary dolandyrmak we dikeldilýän serişdeleriň akymyny deňagramlaşdyrmak arkaly, tebigy maýany goramak we artdyrmak; tehniki we biologik tapgyrlaryň tutuş dowamynda iň ýokary peýdaly önümleriň, düzüm bölekleriň we materiallaryň dolanyşygyny üpjün etmek arkaly, serişdeleriň çykyp gitmegini optimallaşdyrmak; ýaramaz daşarky faktorlary ýüze çykarmak we önümçilik işlerini täzeden üýtgedip gurmak (gaýtadan taslamak) bilen ulgamyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam bermek ýörelgeleri degişlidir.

Beýik işleriň rowaçlygy

Agzybir halkymyzyň ýeten belent derejesini, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişini özünde jemleýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eýelenýän belent sepgitler baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Gurmak we döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy babatda amal edilýän uly işler belent üstünlikleriň beýanydyr. Şunda her bir pudakda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri aýratyn bellemek bolar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny düzýän senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylýar. Oba hojalyk pudagy dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilýär, täze ýollar, aragatnaşyk ulgamlary döredilýär.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna garaşylýar

Mälim bol'y ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda awtobanyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Ýoluň birinji tapgyry abraýly halkara guramalaryň degişli güwänamalarynyň birnäçesine mynasyp boldy. 2022-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegine badalga berildi. Işleriň ýokary depginlerde alnyp barylmagy netijesinde, häzirki wagtda onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna garaşylýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň ýük gämileri Bakuwyň deňiz portuna 2024-nji ýylda ilkinji ýüzüşi amala aşyrdylar

“Türkmenistan” we “Magtymguly” atly ýük gämileri 2024-nji ýyldaky ilkinji halkara ýüzüşini Bakuwyň deňiz portuna amala aşyrdylar. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň ilkinji günlerinde degişli gämileriň özleriniň ilkinji ýüzüşlerini amala aşyrmagy “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy: TOPH, täze howa menzili we beýleki taslamalar

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Onda göz öňünde tutulýan taslamalar barada wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow hasabat berdi. 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda, hususanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Belarus 22-nji ýanwardan ÝB-den gelýän ýük awtoulaglaryna girmek we gaýtadan birikdirmek boýunça täze ýygymlary girizer

Belarusyň gümrük gullugy 2024-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndan ilkinji 24 sagadyň dowamynda ýükleriň ýüklenýän we gaýtadan birikdirilýän ýerlerine ýük awtoulaglarynyň girmegi hem-de ýerleşdirilmegi üçin ýewropaly daşaýjylardan töleg alyp başlar. Degişli karar 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Belarusyň Ministrler geňeşi tarapyndan kabul edildi. Ýygym goşulan baha üçin salgytlary goşmak bilen, her bir hyzmat üçin 3 binýatlyk tölegleriň derejesinde bolar. 2024-nji ýyl üçin munuň Belarusdaky binýatlyk bahasy — 40 belarus rubly. Ýewropaly ýük daşaýjylar bolsa her bir hyzmat üçin 120 belarus rublyny ýa-da 35 ýewro (Merkezi Bankyň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky hümmeti boýunça) tölemeli bolarlar.

Çar ýana uzaýar eşret ýollary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýy barha beýgelýär. Munuň netijesinde eziz Watanymyz ýokary depgin bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän parasatly maksatlarynyň iş ýüzünde aýdyň şöhlelenmesidir. Gojaman Zeminiň ýüzünden bir maksada - parahatçylykly ýaşaýşa we eşretli durmuşa hyzmat edýän ak ýollar çekilip, ondan dost-dogan bolup geçilende, adamzadyň ykbaly hem bir bitewi ugra gönügýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Diýarymyzyň dört künjünde dünýä sary çekýän eşret ýollary, ine, şu beýik maksatdan ugur alýar, şol sebäpli hem häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy Ýüpek ýoluny XXI asyrda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede täzeden ykdysady ýol derejesinde dikeldýär. Ulag logistika düzümi häzirki wagtda dünýä ykdysady giňişligine girmegiň iň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistan Watanymyz hem soňky ýyllarda ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr logistika düzümini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Ulaglaryň ähli görnüşleri häzirki döwrüň kerweni hasaplanylýar. Kerweniň baran ýerinde bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklar, milletleriň b

Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maýa goýum mümkinçilikleri Brýusselde tanyşdyrylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar. Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy guralar. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna taýýarlyk görlüşi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl Nebitgaz toplumy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Döwletimiz energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energetikanyň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine, bu maksatlara ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun degişlidir.

Türkmenistan “Balkan” gämigurluşyk zawodynda gurlan täze gämileri kabul etmekçi

Türkmenistan ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan gämileri kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär. Türkmenistan Hazar deňiz bölegäindäki nebit we gaz ýataklaryna hyzmat edýän ýük çekiji we üpjün ediji gämileriň sanyny artdyrmaga aýratyn üns berýär.

Kämil ykdysadyýet – ygtybarly ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Sanly ykdysadyýet wajyp wezipeleri nazarlaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini  kepillendirýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek.  Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary ähmiýete eýediginden habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris” diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini äşgär edýär. Ýurdumyzda milli  ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy tehnologik enjamlar bilen baglylykda işlerimizi ýeňilleşdirýär. Innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, programma üpjünçiliginiň döred

2023-nji ýylda Astrahan portlaryndan 4 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

2023-nji ýylda Astrahan portlaryndan 4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 50% ösüş gazanyldy. Şeýle maglumatlar sebitiň Senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolinskiý tarapyndan berildi. Astrahan24 habar beriş çeşmesine laýyklyda, Ilýa Wolinskiý Astrahan sebitiniň halkara Demirgazyk-Günorta transport koridorynyň esasy logistika merkezidigini hem-de Russiýany Eýran we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän belledi.

Kärhanalarda işler göwnejaý

Welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna üstünlikli girişendiklerini birleşmämiz tarapyndan ýakynda geçirilen tehniki gözegçilik işleri hem aýdyň görkezýär. Ýakynda şeýle gözegçilik işleri Türkmenistanyň «Deňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde hem geçirildi. Gözegçilikler bu kärhanalarda işleýän zähmetkeşleriň önümçilik durmuşy, saglygyny we zähmetini goramak, iş şertlerini gowulandyrmak we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň alyp barýan işleri bilen baglydyr.

2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi

11-nji ýanwarda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna Bakuwdan ýük daşaýan «Türkmenistan» atly gury ýük gämisi gelip durdy. Onuň yzysüre bolsa konteýnerler ýüklenilen «Magtymguly» atly gury ýük gämisi porta geldi. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bular 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gantawlarydyr. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda gury ýük gämileri Türkmenistanyň deňiz ýük daşaýjysy bolan «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine önjewýli goşan goşupdylar.

Geçen ýyl Bakudan üstaşyr daşalan nebitiň 17,4%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär

2023-nji ýylda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,4 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 5 million 240,7 müň tonna deň boldy.