Sanly ykdysadyýet wajyp wezipeleri nazarlaýar

19 Ýanwar 2024
415

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini  kepillendirýär. Ýurdumyzyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek.  Sanly ulgam döwrebap ösüşleriň tizligini üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary ähmiýete eýediginden habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris” diýip bellemegi hem sanly ulgamy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini äşgär edýär.

Ýurdumyzda milli  ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň ösdürilmegi we onuň şertleriniň gün-günden durmuşymyza aralaşmagy tehnologik enjamlar bilen baglylykda işlerimizi ýeňilleşdirýär. Innowasiýa we sanlaşdyrmak ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bir-biriniň üstüni ýetirýän wajyp görkezijiler hem zerurlyklar hökmünde çykyş edýär. Sanlaşdyrmak wezipesiniň amal edilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň sanlaşdyrylmagyna, programma üpjünçiliginiň döredilmegine, özleşdirilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynda elektron resminamalaryň dolanyşygynyň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Haldurdy HEMRAÝEWA
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni
Beýleki habarlar