Çar ýana uzaýar eşret ýollary

20 Ýanwar 2024
534

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýy barha beýgelýär. Munuň netijesinde eziz Watanymyz ýokary depgin bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän parasatly maksatlarynyň iş ýüzünde aýdyň şöhlelenmesidir. Gojaman Zeminiň ýüzünden bir maksada - parahatçylykly ýaşaýşa we eşretli durmuşa hyzmat edýän ak ýollar çekilip, ondan dost-dogan bolup geçilende, adamzadyň ykbaly hem bir bitewi ugra gönügýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Diýarymyzyň dört künjünde dünýä sary çekýän eşret ýollary, ine, şu beýik maksatdan ugur alýar, şol sebäpli hem häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy Ýüpek ýoluny XXI asyrda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede täzeden ykdysady ýol derejesinde dikeldýär. Ulag logistika düzümi häzirki wagtda dünýä ykdysady giňişligine girmegiň iň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistan Watanymyz hem soňky ýyllarda ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr logistika düzümini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Ulaglaryň ähli görnüşleri häzirki döwrüň kerweni hasaplanylýar. Kerweniň baran ýerinde bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklar, milletleriň biri-birine ýakynlaşmaga bolan meýiller, halkara gatnaşyklaryň täze tapgyrlary, iň esasysy hem parahatçylykdyr durnuklylyk rowaçlyk tapýar.

Akmaral AGAJANOWA
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Beýleki habarlar