Kämil ykdysadyýet – ygtybarly ösüşlere badalga

19 Ýanwar 2024
372

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Penji JUMAGELDIÝEW
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap birleşmesiniň baş buhgalteri
Beýleki habarlar