Kärhanalarda işler göwnejaý

18 Ýanwar 2024
676

Welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna üstünlikli girişendiklerini birleşmämiz tarapyndan ýakynda geçirilen tehniki gözegçilik işleri hem aýdyň görkezýär. Ýakynda şeýle gözegçilik işleri Türkmenistanyň «Deňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde hem geçirildi.

Gözegçilikler bu kärhanalarda işleýän zähmetkeşleriň önümçilik durmuşy, saglygyny we zähmetini goramak, iş şertlerini gowulandyrmak we kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň alyp barýan işleri bilen baglydyr.

Mahmud ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.
Beýleki habarlar