"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sues kanalyndan tranzit ýük gatnawy 42% azaldy

Sues kanaly arkaly ýük tranziti 2023-nji ýylyň maý aýyndaky iň ýokary derejesi bilen deňeşdirilende, häzir 42% azaldy. 2021-nji ýylyň dekabryndaky bilen deňeşdirilende, Panama kanaly boýunça bu görkeziji 49 göterim kemeldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň hasabatynda bellenilýär. Hünärmenleriň pikiriçe, Sues kanalynyň üsti bilen konteýner gämileriniň hepdelik gatnawy 67% azaldy. Şol bir wagtyň özünde konteýner ýükleriniň gatnawy üçin ortaça nyrhlar hem ep-esli ýokarlandy.  

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalananan dizel ýangyjyny, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 16 million 8 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Türkmenhowaýollary» 4 sany halkara gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi

Türkmenistan» awiakompaniýasy täze açylan we hereket edýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanlaşyklaryň girizilendigini habar berdi. Arzanlaşyklar 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli hereket eder diýlip, gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

50 million paýnama — 8,5 milliard dollar

«Amazon»-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos şu aýda yglan eden kompaniýanyň 50 million paýnamasyny satmak baradaky meýilnamasyny tamamlady. «Bloomberg»-iň habar bermegine görä, umumy girdeji 8,5 milliard dollara ýetdi. Soňky günlerde, takmynan, 2,4 milliard dollarlyk 14 milliondan gowrak paýnama satdy. Deslapdan telekeçi gymmatly kagyzlaryň satuwynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklapdy.

Ýük daşamagy yzarlamak boýunça tertipler tassyklandy

Ýakynda geçirilen Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň Geňeşiniň mejlisinde ýük daşamagy yzarlamak boýunça nawigasiýa möhürlerini ulanmak bilen baglanyşykly Tertipleriň ikisi tassyklandy. Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, munuň özi degişli mehanizmi işe girizmek üçin zerur resminamalaryň iň soňkusydyr. Resminamalaryň birinjisinde — milli operatorlaryň, ygtyýarly operatorlaryň (edaralaryň) we gözegçilik ediji edaralaryň hereketlerini amala aşyrmagyň Tertibinde yzarlaýyş obýektine we onuň soňky ulanylyşyna, şeýle hem nawigasiýa möhrüniň ugrunda (ulagda ýük daşamakda) Ýewraziýanyň Ykdysady komitetine agza ýurtlaryň çägindäki ugurlar boýunça nawigasiýa möhürleriniň aradan aýrylan ýagdaýynda hem gözegçiligi dowam etdirmek utgaşdyrylýar.

Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş ýolunda

16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň parlamenti, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklary, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary, daşary syýasat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm

“Türkmendemirýollary” Türkmenbaşy portundan uzaýan ugurlar boýunça ýeňillikleri hödürleýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen demirýol pudagy üstaşyr, import hem-de eksport ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle hem gelýän gämilerden demirýol wagonlaryny ýüklemek we düşürmek boýunça giň mümkinçilikleriň hödürleýär diýip, “Demirýollary” AGPJ-niň wekili sanly ulgam arkaly geçirilen “Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde” atly tegelek stol duşuşygynda aýtdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen uzaýan ugurlar boýunça hödürlenýän ýeňillikler şulardan ybarat:

Türkmenistan bilen Gazagystan Azerbaýjanyň üsti arkaly nebit eksportyny artdyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystandan şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 17,3 göterim artdy. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” agentliginiň geçen hepdäniň çarşenbe güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 430,8 million tonna ýetdi.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 563,06 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarydyr. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosy penşenbe güni habar berdi.  Hasabat döwründe Gazagystan 165,88 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýylyň bilen deňeşdirilende 68 göterim köpdir (98,33 million ABŞ dollary).

Saud Arabystanynyň gaznasy Beýik Britaniýanyň iň iri Hitrou howa menzilini satyn alýar

Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär. Iki maýa goýujy bilelikde howa menziliniň paýnamalarynyň jemi bahasy, 2,4 milliard funt sterlinge (3 milliard dollara) deň bolan 25 göterimine eýe bolarlar.

Kaolin — islegli önüm

Hökümetiň 9-njy fewralda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, hususy pudagy hem ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiliginiň durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen hem pugta baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşmak ugrunda maksatnamalaýyn işler, il-ýurt bähbitli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda alnyp barylýan işler hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmakda, importyň ýerini tutýan, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekeçilige goldaw bermekde, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde amala aşyrylýan toplumlaýyn işlerde gazanylýan üstünlikler, köp babatda, ýerli gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik derejede we dünýä hil talaplaryna laýyk öndürilişine baglydyr. Ýerli çig mallaryň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly is

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginde berlen habara görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. 15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. 16-njy fewralda paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady. Häzire çenli bu ugur boýunça göni uçuşlar diňe watandaşlarymyzyň mukaddes Käbä, Mekge we Medine şäherlerine zyýarata gidip, haj parzyny berjaý etmekleri bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda amala aşyrylýardy. Şonuň netijesinde, her ýyl ildeşlerimiziň ýüzlerçesi külli musulman dünýäsiniň bu mukaddes künjeklerine zyýarata gidip-gelýärdiler. Indi bolsa Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan howa gatnawy yzygiderli, «Türkmenhowaýollary» agentliginde atlandyrylyşy ýaly, rejeli amala aşyrylar. Munuň özi haj parzyny berjaý etmegi ýüregine düwen watandaşlarymyz üçin hem amatly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda daşary ýur

Senagat kärhanalarynda

Yhlasly zähmet ýeňşe ýetirýär Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynda halk hojalygynyň oba hojalygy pudagyny ösdürmeklige iňňän uly ähmiýet berilýär. Ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly işler bitirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlara berýän kömek-goldawy netijesinde ýylyň-ýylyna gowy görkezijiler gazanylýar. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyly gaýtadan işläp, olardan ýokary hilli önümleriň alynmagam möhüm mesele bolup durýar. Gymmatly çig mal bolan pagtanyň gaýtadan işlenilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Indi ýurdumyzyň egirme-dokma kärhanalarynda “ak altyndan” bäsleşige ukyply, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli taýýar önümleriň öndürilişi ýokarlanýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Täze tehnologiýalar — ösüşli geljegimiz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler rowaçlanýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklere çykmagyna itergi berýär.

Ilhalar önümleriň bolçulygy

Häzirki döwürde islendik wagt bazara ýa-da dükana barsaň, dürli görnüşli çörek we çörek önümleriniň uzyn tekjelere bezeg berip, täzeligi, ýakymlylygy bilen ünsi çekýändigini görmek bolýar. Söwda merkezlerine gelen adamlar bolsa öz göwün isleglerine görä olary saýlap alýarlar. Şonda hyrydarlaryň arasynda olary öndürijileriň salgylary, beýleki maglumatlary bilen gyzyklanýanlar hem az däl. Elbetde, şeýle önümleri öndürýän döwlet we telekeçilik kärhanalarynyň barha köpelýän, önümleriniň hili, görnüşleri boýunça bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde özara bäsleşýän döwründe adaty ýagdaýa öwrülen bu wakalaryň bereket-bolçulygyň nyşany hökmünde hemmeleriň kalbynda guwanç duýgusyny döredýändigi hakykatdyr. Halkymyzyň mukaddeslik hasaplaýan çöregini, çörek önümlerini bol öndürmek ugrunda hereket edip, oňat netijeleri gazanýan, hil hem-de görnüş bäsleşiklerinde öz mynasyp ornuny tapýan şeýle kärhanalar welaýatymyzda-da az däl. «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasy hem şolaryň hataryndadyr. Bu ýerde öndürilýän çörek we çörek önümleri hakynda soňky ýyllarda ilat arasynda öwgüli sözleri-de häli-şindi eşitmek bolýar.

“Demirýollary” geografiki gurşawyny Türkiýä, Gyrgyzystana we Täjigistana ýaýratmagy meýilleşdirýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran-Türkmenistan-Özbegistan we Gruziýa-Azerbaýjan-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan ugurlary arkaly iň ýakyn ýurtlardan başlap, Türkiýä, Gyrgyzystana we Täjigistana, şeýle hem Russiýadan Aýlag ýurtlaryna hem-de Hindistana çenli geografiki gurşawyny artdyrmak maksady bilen täze taslama başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, bu taslama esasy üstaşyr geçelgelerde ugurlary açyp, halkara ýük daşamalaryny tertip boýunça guramagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan üstaşyr hyzmatdaşlygy üçin yzygiderli konteýner otlyny işe girizdi

Milli demirýol ýük gatnawlaryny amala aşyrýan “Demirýollary” AGPJ, esasy üstaşyr geçelgeleri boýunça ugurlary açyp, öz wagtynda halkara ýük daşalşynyň guralandygyny habar berdi. Kesgitlenen anyk tertipde işleýän yzygiderli konteýner otlusy logistikany optimallaşdyrar we Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda harytlaryň iberiliş wagtyny azaldar. Bu taslama, tutuş ugur boýunça demir ýol lokomotiw flotunyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy. Uly göwrümli rekonstruksiýa we düzümi täzelenenden soň, häzirki zaman ýokary kuwwatly esasy teplowozlar işe girizildi.

Astrahanda ilkinji konteýner gämileriniň gurluşygy başlandy

Astrahanda ýerleşýän Lenin adyndaky zawodda Döwlet ulag lizing kompaniýasy tarapyndan sargyt edilen «RSD-81» taslamasynyň ilkinji iki gämisiniň bölekleriniň goýlup başlanmagy mynasybetli geçirilen dabara hakynda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Telegram kanalynda habar berdi.   — Biz bäş ýyl ozal bu ýerde gämi gurluşyk pudagyny ýola goýduk we geçen ýyl önümçiligiň derejesi iki esse diýen ýaly giňeldildi — diýip, gubernator belledi. — Nobatdaky buýurma ýekeje gämi üçin däl. Jemi on gäminiň gurluşygyny özünde jemleýän täze tapgyr amala aşyrylar. Olaryň dördüsi ýakyn iki ýylda tamamlanar. Şeýlelik bilen, biziň gämi abatlaýan kärhanamyz ýakyn ýyllar üçin iş üpjünçiligini kepillendirer.

Giň gerimli özgertmeler — täze sepgitlere badalga

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de çuňňur oýlanyşykly meýilleşdirilen maksatnamalaryna daýanýar. Milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ösüşine täsir edýän şertleriň ählitaraplaýyn seljerilip, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgininiň saklanýandygyny, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar. Ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.