Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda

21 Fewral 2024
435

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystanyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginde berlen habara görä, Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. 15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy.

16-njy fewralda paýtagtymyzdan Saud Arabystanyna «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçarynda amala aşyrylan uçuş Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady. Häzire çenli bu ugur boýunça göni uçuşlar diňe watandaşlarymyzyň mukaddes Käbä, Mekge we Medine şäherlerine zyýarata gidip, haj parzyny berjaý etmekleri bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda amala aşyrylýardy. Şonuň netijesinde, her ýyl ildeşlerimiziň ýüzlerçesi külli musulman dünýäsiniň bu mukaddes künjeklerine zyýarata gidip-gelýärdiler. Indi bolsa Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan howa gatnawy yzygiderli, «Türkmenhowaýollary» agentliginde atlandyrylyşy ýaly, rejeli amala aşyrylar. Munuň özi haj parzyny berjaý etmegi ýüregine düwen watandaşlarymyz üçin hem amatly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy-da bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň hem-de Saud Arabystanynyň arasynda täze howa gatnaw ugurlarynyň açylmagy-da döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagalla edilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar