Senagat kärhanalarynda

21 Fewral 2024
573

Yhlasly zähmet ýeňşe ýetirýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynda halk hojalygynyň oba hojalygy pudagyny ösdürmeklige iňňän uly ähmiýet berilýär. Ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly işler bitirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlara berýän kömek-goldawy netijesinde ýylyň-ýylyna gowy görkezijiler gazanylýar. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyly gaýtadan işläp, olardan ýokary hilli önümleriň alynmagam möhüm mesele bolup durýar. Gymmatly çig mal bolan pagtanyň gaýtadan işlenilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Indi ýurdumyzyň egirme-dokma kärhanalarynda “ak altyndan” bäsleşige ukyply, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli taýýar önümleriň öndürilişi ýokarlanýar.

Beýleki habarlar