Astrahanda ilkinji konteýner gämileriniň gurluşygy başlandy

21 Fewral 2024
407

Astrahanda ýerleşýän Lenin adyndaky zawodda Döwlet ulag lizing kompaniýasy tarapyndan sargyt edilen «RSD-81» taslamasynyň ilkinji iki gämisiniň bölekleriniň goýlup başlanmagy mynasybetli geçirilen dabara hakynda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Telegram kanalynda habar berdi.  

— Biz bäş ýyl ozal bu ýerde gämi gurluşyk pudagyny ýola goýduk we geçen ýyl önümçiligiň derejesi iki esse diýen ýaly giňeldildi — diýip, gubernator belledi. — Nobatdaky buýurma ýekeje gämi üçin däl. Jemi on gäminiň gurluşygyny özünde jemleýän täze tapgyr amala aşyrylar. Olaryň dördüsi ýakyn iki ýylda tamamlanar. Şeýlelik bilen, biziň gämi abatlaýan kärhanamyz ýakyn ýyllar üçin iş üpjünçiligini kepillendirer.

Beýleki habarlar