“Demirýollary” geografiki gurşawyny Türkiýä, Gyrgyzystana we Täjigistana ýaýratmagy meýilleşdirýär

21 Fewral 2024
440

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran-Türkmenistan-Özbegistan we Gruziýa-Azerbaýjan-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan ugurlary arkaly iň ýakyn ýurtlardan başlap, Türkiýä, Gyrgyzystana we Täjigistana, şeýle hem Russiýadan Aýlag ýurtlaryna hem-de Hindistana çenli geografiki gurşawyny artdyrmak maksady bilen täze taslama başlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, bu taslama esasy üstaşyr geçelgelerde ugurlary açyp, halkara ýük daşamalaryny tertip boýunça guramagy göz öňünde tutýar.

Beýleki habarlar