"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Häzirki zaman binagärliginiň merjeni

Ýakynda ak şäherimiz Aşgabadyň güni dabaraly bellenildi. Bu baýramçylyk berkarar döwletimiziň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dünýäde wagyz etmekde, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni we işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrmakda, halkara abraýyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzir Aşgabat okgunly ösüşiň özboluşly nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçiren şähergurluşyk syýasaty netijesinde, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi ýokary derejede özgerdi, çäkleri ep-esli giňeldildi, aşgabatlylaryň durmuş derejesi halkara ölçeglere doly kybap getirildi. Bu gün Aşgabat gülläp ösýär. Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyzda halkyň beýik watansöýüjilik ruhy we ählumumy söýgüsi jemlenýär. Gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezli köşkleri, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalary we desgalary bilen Aşgabat Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň alamatlandyrýar.

“Daglaryň üstünden daglar görünýär”

Gahryman Arkadagymyzyň milli şahyrymyzyň hormatyna sözden diken heýkeli bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynyň ady bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl ýurdumyzda uly toý-baýrama beslenýär. Bu ýyl diňe türkmen halky däl, asyl-ha, tutuş adamzat beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram edýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şahyryň Köpetdagyň eteginde bina edilen ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy bolsa Gündogaryň meşhur akyldarynyň mertebesini ýene bir gez belende göteren şanly waka bolup taryha ýazyldy.

Sarpaly hünärden döwlet tapanlar

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ussat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen çeper elli, tejribeli halyçylarymyzyň birnäçesine şeýle adyň dakylmagy olar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Annabegi NURÝAGDYÝEWA, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy:

“Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!”

Haly — türkmeniň kalby, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip, juda jaýdar nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy we müdimi sungatyň gadyr-gymmaty has-da artdy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli halyçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki sarpasy barha ýokarlanýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanan Türkmen halysynyň baýramynda hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Şol gün paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi toý dabarasyna beslendi. Bir tarapda, «Eý, daragym batlan,//Eý, ýüregim şatlan!» diýip, darak kakýan halyçy zenanlaryň sesi ýaňlanýar. Beýleki bir tarapda, sungat ussatlary gazal aýdyp, küşt depip, baýramçylyk şowhunyny barha artdyrýarlar. Dürli reňkli we dürli görnüşli — peýzaž, portret, sowgatlyk halylar sergilenen diwarlyklaryň bezegi biri-birinden owadan. Olaryň arasynda mermer paýtagtymyzyň gözel keşbini, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi, bereketli türkmen saçagyny, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny şekillendirýän halylar has-da ünsüňi çekýär. Halyçy zenanlaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp zähme

Türkmenistan — bagtyýar nesliň Watany

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji iýunynda çagalary goramagyň halkara güni döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. Çagalaryň saglygyny goramak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda, olara berilýän bilim-terbiýäni dünýä ülňülerine laýyk getirmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Sport — dost­luk we pa­ra­hat­çy­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Sport — dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yn­san­per­wer­li­giň be­lent ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa sport ar­ka­ly hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ýö­rel­ge­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýdyň nyşanydyr. 2024-nji ýylyň 24-ni maýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekilmegi bolsa türkmen paýtagtynyň sporty wagyz etmekde nusgalyk şähere öwrülendigini görkezdi.

Peýdaly en­dik­ler­i hemra edineliň!

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­niň, ra­ýat­la­ra edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, ýaş ne­sil­le­riň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi­niň, sag­ly­ga zy­ýan ýe­tir­ýän ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­re­şil­me­gi­niň, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­nyň ga­za­nyl­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýar.

«Akylly» şäher — kämilligiň nusgasy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ri­li­şi, şan­ly ýyl­la­ry­my­zyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry we döw­rü­mi­ziň gym­mat­lyk­la­ry Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bar­ha da­ba­ra­lan­ýar. Mu­ňa Ar­ka­dag şä­he­ri­niň dur­ky we aja­ýyp keş­bi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­dy­my Oguz top­ra­gyn­da ke­ma­la ge­len kä­mil şä­he­riň keş­bin­de za­ma­na­my­zyň al­tyn ru­hy, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne bo­lan kö­ňül al­kyş­la­ry aý­dyň du­ýul­ýar. Öz tä­ze­çil­li­gi, aja­ýyp tas­la­ma­la­ry, eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy we in­no­wa­si­ýa­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra yk­rar­na­ma­la­ry­nyň we bü­tin dün­ýä­niň yk­ra­ry­nyň eýe­si bo­lan yk­ly­myň tä­ze bir tä­sin ga­şy bo­lup dö­rän Ar­ka­dag şä­he­ri, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, be­ýik paý­ha­syň we ýi­ti aň-aky­lyň mer­ke­zi­dir.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Täze binalar — şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany

Paýtagtymyzda iri kottej ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Arşyň nepisligi türkmen halysy

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler welaýatymyzda giň gerime eýe boldy.  Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde  «Arşyň nepisligi türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara ýatdan çykmajak buýsançly pursatlara  beslendi. Türkmeniň alty ganat ak öýleri, olaryň öňlerinde goýlan haşamly telärleriň üstünde haly-palas önümlerinden, gelin-gyzlaryň el işlerinden, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerinden, nepis şaý-seplerden guralan sergiler çäräniň geçirilýän ýerine aýratyn öwüşgin berdi. Ümeçi gelin-gyzlar türkmeniň sungat derejesine göterilip, ählumumy ykrarnama eýe bolan halylaryny taýýarlamagyň hysyrdyly hem inçe tilsimlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler.

Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şoňa görä, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada ýaýbaňlandyrylan obanyň her bir künjeginde halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi.

Täze binalar — şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany

Paýtagtymyzda iri kottej ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Abadan ýaşaýşyň ojagy

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 136-sy açylyp ulanmaga berildi. Jaýlaryň açylyşy toý dabaralaryna, aýdym-sazly çykyşlara, joşgunly tanslara beslendi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan paýly bolan ildeşlerimiziň käbirleriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Döwrebap işewürlik desgalary açyldy

Giň dabaralara beslenen Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Häzirki zaman şäher düzüminiň ösen derejesi

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň beýanyny tapdy Geçen hepdäniň anna we şenbe günlerinde indi 23-nji gezek geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän, ýeňil senagat, dizaýn, innowasion tehnologiýalar, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzyň şähergurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezýän gözden geçirilişiň dowamynda oňa gatnaşyjylar dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, täze önümdir hyzmatlary bilen-de tanyşdyrdylar.

Awtoulag sürüjilerine sowgat

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy Aşgabat şäheriniň gününde ýerli awtoulag sürüjilerine we myhmanlara ajaýyp toý sowgady boldy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş we gurluşyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri tarapyndan durky täzelenen desganyň açylyş dabarasyna Aşgabat şäher häkimliginiň, müdirligiň wekilleri, il sylagly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar. Durky täzelenen desgada işgärleriň zähmet çekmegi, sürüjileriň bu ýerde hödürlenilýän hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde awtoulaglaryň bir wagtda 10-syny ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Beket bir gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 1500-den gowragyny kabul edip bilýär. Sürüjiler bu ýerde hödürlenen hyzmat üçin tölegleri nagt we elektron görnüşde töläp bilerler.

Be­ýik Py­ra­gy­nyň ady bi­len

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Yn­sa­ny dur­mu­şa bag­la­ýan hik­met­le­riň göz­ba­şyn­da ynam bar. Yn­san ynan­jy­na gö­rä he­re­ket ed­ýär. Kal­by­myz be­ýik­li­ge uýup, oňa tag­zym et­me­gi özü­niň bor­jy saý­ýan bol­ma­ga çe­me­li. Şol be­ýik­li­giň ady bi­len baş­la­nan iş­le­riň oňu­na bol­ja­gy­na bo­lan ynan­jam ça­ga­lyk­dan kal­by­my­za guý­lup­dyr. Şy­gry­ýe­tiň pi­ri be­ýik Py­ra­gy­nyň öňün­de baş egip, «pa­ta alyp» ge­le­lim bä­ri, haý­sy işe ug­ruk­sam il­ki bi­len «Ýa pi­rim, Mag­tym­gu­ly, özüň gol­da­we­ri» diý­me­gi en­dik edi­nip­di­rin. Bu gur­sa­gym­da özü­me bo­lan yna­my ber­kid­ýän, be­ýik güý­jüň göz­ba­şy bo­lup, iş­le­rim­de şow­lu­lyk ge­tir­ýän gud­rat­ly sö­zi ha­ly­pa­la­ryň bi­ri öw­re­dip­di.

Baýramçylyk konserti geçirildi

«Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Bu baýramçylyk konsertiniň başynda «akylly» şäheriň umumybilim berýän orta mekdeplerinde tapawutlanan uçurymlara hem-de ýaşlara döwrebap derejede bilim berip, öz işlerinde ussatlyk görkezen mugallymlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.