«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Ynsany durmuşa baglaýan hikmetleriň gözbaşynda ynam bar. Ynsan ynanjyna görä hereket edýär. Kalbymyz beýiklige uýup, oňa tagzym etmegi özüniň borjy saýýan bolmaga çemeli. Şol beýikligiň ady bilen başlanan işleriň oňuna boljagyna bolan ynanjam çagalykdan kalbymyza guýlupdyr. Şygryýetiň piri beýik Pyragynyň öňünde baş egip, «pata alyp» gelelim bäri, haýsy işe ugruksam ilki bilen «Ýa pirim, Magtymguly, özüň goldaweri» diýmegi endik edinipdirin. Bu gursagymda özüme bolan ynamy berkidýän, beýik güýjüň gözbaşy bolup, işlerimde şowlulyk getirýän gudratly sözi halypalaryň biri öwredipdi.