Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreler welaýatymyzda giň gerime eýe boldy. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde «Arşyň nepisligi türkmen halysy» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara ýatdan çykmajak buýsançly pursatlara beslendi. Türkmeniň alty ganat ak öýleri, olaryň öňlerinde goýlan haşamly telärleriň üstünde haly-palas önümlerinden, gelin-gyzlaryň el işlerinden, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerinden, nepis şaý-seplerden guralan sergiler çäräniň geçirilýän ýerine aýratyn öwüşgin berdi. Ümeçi gelin-gyzlar türkmeniň sungat derejesine göterilip, ählumumy ykrarnama eýe bolan halylaryny taýýarlamagyň hysyrdyly hem inçe tilsimlerini ussatlyk bilen açyp görkezdiler.