Häzirki zaman binagärliginiň merjeni

28 Maý 2024
335

Ýakynda ak şäherimiz Aşgabadyň güni dabaraly bellenildi. Bu baýramçylyk berkarar döwletimiziň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dünýäde wagyz etmekde, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni we işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrmakda, halkara abraýyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzir Aşgabat okgunly ösüşiň özboluşly nyşany bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli durmuşa geçiren şähergurluşyk syýasaty netijesinde, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi ýokary derejede özgerdi, çäkleri ep-esli giňeldildi, aşgabatlylaryň durmuş derejesi halkara ölçeglere doly kybap getirildi. Bu gün Aşgabat gülläp ösýär. Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyzda halkyň beýik watansöýüjilik ruhy we ählumumy söýgüsi jemlenýär. Gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezli köşkleri, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalary we desgalary bilen Aşgabat Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň alamatlandyrýar.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar