“Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!”

28 Maý 2024
385

Haly — türkmeniň kalby, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip, juda jaýdar nygtaýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu gadymy we müdimi sungatyň gadyr-gymmaty has-da artdy. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli halyçylyk sungatymyzyň halkara derejedäki sarpasy barha ýokarlanýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanan Türkmen halysynyň baýramynda hem aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.

Şol gün paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi toý dabarasyna beslendi. Bir tarapda, «Eý, daragym batlan,//Eý, ýüregim şatlan!» diýip, darak kakýan halyçy zenanlaryň sesi ýaňlanýar. Beýleki bir tarapda, sungat ussatlary gazal aýdyp, küşt depip, baýramçylyk şowhunyny barha artdyrýarlar. Dürli reňkli we dürli görnüşli — peýzaž, portret, sowgatlyk halylar sergilenen diwarlyklaryň bezegi biri-birinden owadan. Olaryň arasynda mermer paýtagtymyzyň gözel keşbini, türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi, bereketli türkmen saçagyny, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny şekillendirýän halylar has-da ünsüňi çekýär. Halyçy zenanlaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp zähmet sowgatlary bolan «Magtymgulynyň dünýäsi» atly ajaýyp haly, şahyryň «Näler görüner» goşgusynyň hala çitilen görnüşi bada-bat gözüňe ilýär. Haly we haly önümlerini öndürip, diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolan halyçy-telekeçi zenan Orazgül Eýeberdiýewa degişli diwarlyk göreni gabadynda sägindirýär. Diwarlykda ýüňden we ýüpekden dokalan haly hem-de haly önümleriniň dürli görnüşleri bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň hala çitilen keşbi-de bar. Halynyň ýüzüne beýik akyldaryň «Türkmeniň» goşgusyndan bir bendiň çitilmegi çuň manyny özünde jemleýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar