"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk Maslahaty — kämil geljegi gurmagyň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Çünki her güni taryhyň sahypalaryna nagyşlanýan beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

AMANMYRADOW K. hakynda Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Welosipedli gezelenç

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär. Ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär. Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmeni

Ylym-bi­lim ul­ga­my — döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň bin­ýa­dy

Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny, hu­su­san-da, hä­zir­ki in­no­wa­si­ýa­lar we ösüş eý­ýa­myn­da döw­le­tiň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ni üp­jün et­mek we­zi­pe­si du­ran giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry bi­lim­li ýaş­la­ry taý­ýar­la­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz röwşen geljegi nazarlaýan öz­gert­me­le­riň çuň­ňur yl­my bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi üçin ylym ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len, mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hu­kuk esas­la­ry pug­ta­lan­dy­ry­lyp, bu ugur­la­ryň dü­züm­le­ýin döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, yl­my mer­kez­ler bi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de we beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler­de yl­my bar­lag­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, bu ba­bat­da­ky iş­le­riň giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şun­da yl­myň, bi­li­miň, ö

Bagtyýarlyk gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny tapmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi we bazar-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Hepdäniň wajyp wakalaryna gysga setirleriň üsti bilen okyjylarymyzyň ünsüni çekmegi makul bildik. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hem dostlukly gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu babatda 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe bolandygy hakda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Halkyň ýürek sedasy

Il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek halkymyzyň öňden gelýän asylly dessurlarynyň biri bolup, ol şu günki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň asylly dowamyny tapýar. Ululy-kiçili toýlary, islendik tutumy maslahatdan başlamak türkmen durmuşyna mahsus aýratynlyk. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygy baradaky nakyly durmuş ýörelgesine öwrüpdirler. Edil Magtymgulynyň şygyrlary ýaly, agzybirlik, ula sarpa goýmak, geňeşli ädim ätmek baradaky nakyllary durmuşyň öwrümlerinde türkmeniň islendik ýaşlylarynyň dilinden eşitmek bolýandygy hem hut şonuň üçindir. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerine nazar aýlasaň-da, dessanlarymyzdyr eposlarymyzy okasaň-da, dürli wakalaryň başlangyjynda hökman il-halkyň geňeş edişi bilen baglanyşykly wakalar gabat geler. Sebäbi maslahat, geňeş etmek — agzybirligiň nyşany. Birek-birege hormat-sarpanyň görkezijisi. Diňe bir ýaşuly kişiler däl, eýsem, dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşdyrylyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi maslahatyň miweliligini üpjün edipdir. Netijede, geňeşli urlan gadamlar üstünlige alyp barypdyr. Muny biz taryhyň sahypalaryna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu babatda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary islendik geňeşde dogry ýol salgy beriji şamçyrag bolup gelipdir. Häzirki ajaýyp zamanamyzda halk bilen geňeşip, bizi beýik işlere şaýat eden Gahryman Arkadagymyz, peder

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň mekanynda

Her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň saglygyny egsilmez baýlyga deňeýän Garaşsyz Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar. 14-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Halkymyzyň paýhaslylyk ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek babatda  milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak ýoluny dabaralandyrýar. Il-halk bilen bile bolmak, olaryň pikirlerini bilmek ýörelgesi edebi miraslarymyzyň hem süňňüne siňip gidipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky meselä ünsi çekdi. Bu bolsa Diýarymyzda milli demokratiýanyň medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň beýany

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi. Munuň özi Milli Liderimiziň hemişe sportuň işjeň wagyzçysydygyny aýtmaga esas berýän ajaýyp mümkinçilikdir. Bilermenler tarapyndan awtosport sportuň beýleki görnüşlerine garanyňda, fiziki we psihiki taýýarlygyň iň ýokary derejesini talap edýär diýlip hasaplanylýar. Onda aşa hüşgärlik, çalasynlyk, töwekgellik, batyrlyk, mertlik, çydamlylyk, sowukganlylyk ýaly iň gymmatly gylyk-häsiýetler, endik-başarnyklar möhüm. Şonuň üçin hem awtosport — edermenligiň hem gaýduwsyzlygyň sporty, edermenleriň hem gaýduwsyzlaryň baş goşýan sungaty hasaplanylýar. Awtosport ýöne bir sport görnüşi bolman, hakyky durmuş, çynlakaýlyk. Hakykatdan hem dünýä derejesinde guralýan ralli, trofi, kross, drift, karting  ýaly ýaryşlarda türgenleriň başdan geçirýän wakalary oýun däl, olar ynsan başarnygynyň hem erjelliginiň dabaralanmasy. Aşa töwekgelçilikli hereketler bilen awtotürgenler öz edermenliklerini, mertliklerini görkezýärler. Ine, Gahryman Arkadagymyz hem gaýduwsyz, batyr ýürekli, paýhasly, sowukganly Watan ogullaryny terbiýeläp ýetişdirmekde sportuň bu

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki,  ynanyşmagy berkitmekdäki täsirli gural hökmündäki hyzmaty häzirki zaman dünýäsinde barha artýar. 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan döwletiniň Astana şäherinde geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy  konsultatiw duşuşygy hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynanyşykly dialog pikir alyşmaga, derwaýys meseleler babatynda birek-birege düşünişmek bilen anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Binagärligiň beýik nusgasy

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatlary bilen ýurdumyz giň gerimli gurluşyk meýdançasyny ýatladýar. Milli Liderimiziň amala aşyran şähergurluşyk maksatnamasy esasynda ak mermere beslenen Aşgabat dabarasy dünýä dolan, ýaşamak üçin amatly, iň ajaýyp şäherleriň birine öwrüldi. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk gurluşyk taslamasynyň täzeçil usullaryny özünde jemlän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri hem döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde gurluşygy amala aşyrylan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa we owadan ýurdumyzyň möhüm merkezleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini görkezýär. Binýady berkden bolan şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmegi bilen täze şäher IT tehnologiýalarynyň we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän binagärlik işleriniň nusgasyna öwrüldi.

Jemgyýetiň jebislik sütüni

Il-ýurt bähbitli meseleleri ýaşululardyr halkyň ynamdar wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz»  diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir uly tutumly işiň başyny başlanda, ilki bilen, demokratik ýol-ýörelgeli däp-dessurlardan ugur alypdyr. Türkmen halky hemişe dili senaly ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, olaryň pikirini diňläp, baý durmuş tejribesine bil baglapdyr. Şunuň ýaly asylly milli ýörelgelerimiz halkymyzyň arasynda durmuşyň ýazylmadyk kanuny hökmünde asyrlaryň dowamynda nesillerimiziň ruhuna we aňyna siňipdir. 2009-njy ýylyň 6-njy martynda gojaman Jeýhunyň boýundaky Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahaty hem halkymyzyň we döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm seneleriň biri boldy. Bu umumymilli forumda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli meselelerine — durmuş, ykdysady, syýasy, kanunçylyk, medeni meselelere garaldy hem-de olar boýunça netijeli çözgütler kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hasaplanýan oba hojalygyny ösdürmegiň täze strategiýasynyň kabul edilmegi ata Watanymyzyň rowaçlygy we ösüşi, türkmen halkynyň abadançylygy babatda netijeli ädim boldy. Bu strategiýada döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlar hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudagynyň köpugurly mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy y

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Jemal DIWANOWA, Mary şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi:— Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyz goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasynda saparda bolup, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegi hem iki dostlukly döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz oktýabr aýynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň meýilleşdirilýändigini hem-de häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini tassyklaýar. Bütin adamzadyň abadan durmuşyny nazarlaýan asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Seýran OGŞUKOW,maýor:— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy h

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di.