Halk Maslahaty — kämil geljegi gurmagyň aýdyň ýoly

18 Awgust 2024
191

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Çünki her güni taryhyň sahypalaryna nagyşlanýan beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir.

Tylla GERMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar