Welosipedli gezelenç

16 Awgust 2024
128

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär. Ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

«Watan».
Beýleki habarlar