Bagtyýarlyk gadamlary

15 Awgust 2024
158

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny tapmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi we bazar-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Hepdäniň wajyp wakalaryna gysga setirleriň üsti bilen okyjylarymyzyň ünsüni çekmegi makul bildik.

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hem dostlukly gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu babatda 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe bolandygy hakda pikir alyşdylar.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar