Jemgyýetiň jebislik sütüni

15 Awgust 2024
120

Il-ýurt bähbitli meseleleri ýaşululardyr halkyň ynamdar wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz»  diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir uly tutumly işiň başyny başlanda, ilki bilen, demokratik ýol-ýörelgeli däp-dessurlardan ugur alypdyr. Türkmen halky hemişe dili senaly ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, olaryň pikirini diňläp, baý durmuş tejribesine bil baglapdyr. Şunuň ýaly asylly milli ýörelgelerimiz halkymyzyň arasynda durmuşyň ýazylmadyk kanuny hökmünde asyrlaryň dowamynda nesillerimiziň ruhuna we aňyna siňipdir.

2009-njy ýylyň 6-njy martynda gojaman Jeýhunyň boýundaky Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahaty hem halkymyzyň we döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm seneleriň biri boldy. Bu umumymilli forumda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli meselelerine — durmuş, ykdysady, syýasy, kanunçylyk, medeni meselelere garaldy hem-de olar boýunça netijeli çözgütler kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hasaplanýan oba hojalygyny ösdürmegiň täze strategiýasynyň kabul edilmegi ata Watanymyzyň rowaçlygy we ösüşi, türkmen halkynyň abadançylygy babatda netijeli ädim boldy. Bu strategiýada döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlar hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudagynyň köpugurly mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäde toplanan oňyn tejribeden peýdalanmagyň düýpgöter täze, has netijeli çemeleşmeler esasynda obasenagat toplumyny ýokary derejede ösdürmäge gönükdirilen anyk çäreler öz beýanyny tapdy. Ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek bu strategiýada giňişleýin kesgitlendi.

Agöýli AŞYROW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar